Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Güýçli ýagyn paýtagt üçin adatdan daşary ýagdaý boldy


Köçeleriň gyralaryndaky basketlere hem suw siňip ýetişmeýärdi, 20-nji iýul, Aşgabat.
Köçeleriň gyralaryndaky basketlere hem suw siňip ýetişmeýärdi, 20-nji iýul, Aşgabat.
Anna güni agşam sagat 19:00 töwerekleri Aşgabady tozana gaplan harasat birden gelen güýçli çagba bilen tamamlandy. Giçlik ýagan güýçli ýagyn paýtagt üçin adatdan daşary ýagdaý boldy.

Iki sagatdan gowrak wagt güýçli ýagan çagba Aşgabadyň köçelerini suwdan doldurdy. Şäheriň Andalyp, Türkmenbaşy, Ýunus Emre we başga-da birnäçe köçelerini suw basdy. Käbir köçelerde suw dyzyňa çenli ýetýärdi. Köçeleriň gyralaryndaky bordýurlar suwy saklap, wagtlaýyn köljegazalary döredýärdi. Köçede ýygnanýan suw bordýurlarda öňünden goýlan körüklerden akyp ýetişmeýärdi.

Köçeleriň gyralaryndaky basketlere hem suw siňip ýetişmeýärdi. Paýtagtyň ýaşaýjylarynyň hem köpüsiniň öýlerine bu ýagyn sözüň doly manysynda geldi. Paýtagtyň Parahat mikroraýonynyň ýaşaýjylarynyň bu ýagşy entäk köp wagt ýatlajaklary az bolmasa gerek. Bu mikroraýondaky köpgatly jaýlaryň üçeklerinden suw geçip, gatdan-gata kwartiralaryň ählisini suw basdy.

Parahat mikroraýonynyň ýaşaýjysy 39 ýaşly Oraz üç aý mundan ozal kwartirasyny doly remont edipdir. “Indi ol remont edilmedik ýaly bolup galdy. Jaýyň diwarlarynyň käbir ýerleriniň şpaklýowkasy gaçan bolsa, käbir ýerleriniň emulsiýasy akdy. Pola ýazan parkedim çişdi. Guransoň, onuň nähili forma aljakdygyny çaklabermek galýar. Garaz, kwartirany täzeden remont etmeli boljak” diýip, Oraz gürrüň berýär.

Orazyň ýaşaýan 9 gatly jaýynyň ähli gatlaryndaky kwartiralara suw barypdyr. Emma, onuň aýtmagyna görä, bu “silden” iň köp ejir çekenler, esasan, ýokary gatlardaky kwartiralaryň ýaşaýjylary: “Biziň jaýymyzyň üçeginden öňem suw akýardy. Biz domuprawleniýä birnäçe gezek ýüz tutupdyk. Emma hiç hili netije bolmady, remonta pul ýok diýdiler”.

Telekeçiler hem kösendiler

Geçen hepdäniň anna güni ýagan güýçli ýagyndan Parahat mikroraýonynyň diňe bir ýaşaýjylary däl, eýsem bu mikroraýonda dükanlary bolan telekeçileriň hem köpüsi ejir çekdi. Hususanda, ýarym ýerzeminlerde ýerleşen dükanlaryň köpüsini suw basdy.

Parahat mikroraýonynyň günortasyndan geçýän Moskowskiý prospektiniň ugrundaky köpgatly jaýlaryň ýarym ýerzeminlerinde ýerleşen dükanlaryň eýeleri ertesi gün nasos bilen dükanlarynda ýygnan suwy sorduryp çykarýardylar. Suwda ezilen harytlaryny bolsa günüň aşgynda guratmak üçin çykaryp goýupdylar. Bu dükanlaryň köpüsi bir gün diýen ýaly işlap bilmediler.

Duýdansyz gelen çagba paýtagtyň demirgazygyndaky raýonlarynyň hem-de obalaryň ýaşaýjylaryna hem öz täsirini ýetirdi. “Bedew” gurluşyk harytlary dükanynyň golaýyndaky ýaşaýyş massiwindäki ýaşaýyş jaýlarynyň howlularyny suw basypdyr. Şol ýerdäki ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, howlulardaky ýygnanan suw dyzyňa çenli ýetýän eken.

Demir ýoluň gaýrasyndaky käbir raýonlarda telefon aragatnaşygy hem kesildi. Ýeriň astynda ýerleşen telefon kabelleri hem suw basypdyr. Telefon aragatnaşygy iki günden soň dikeldildi. Emma käbir ýerlerde entägem telefon liniýalarynyň abatlaýyş işleri dowam edýär.

Birnäçe sagat dowam eden çagba ençeme sowallary döretdi. Bu sowallaryň ählisi hem şäheriň jemagat hojalygyna degişli. Has takygy, bu sowallar paýtagtyň jemagat hojalygynyň häzirki wagtda, klimatyň üýtgeýän mahaly, tebigatyň döredýän adatdan daşary ýagdaýlaryna näderejede taýýarlygyna degişli.

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligi 2011-nji ýylyň aprel aýynda döredilipdi. Onuň wezipesi ýaşaýyş jaý gorunyň ýagdaýyny gowulandyrmak we ony abatlamak boýunça işleri geçirmek, suw we ýylylyk, lagym ulgamlaryna hyzmat etmek, ilaty elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri ýola goýmak, daşarky abadanlaşdyryş işlerini geçirmek, arassalaýyş işlerini alyp barmak, ilatly ýerleri gazlaşdyrmak hökmünde kesgitlenipdi. Ondan öň bu wezipeleri ýerli häkimliklere degişli bolan ýaşaýyş jaý-jemagat hojalyk kärhanalary amala aşyrýardy.
XS
SM
MD
LG