Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jemgyýetçilik transporty: prezidentem nägile, halkam


Aşgabat, 22-nji iýul.
Aşgabat, 22-nji iýul.
19-njy iýulda geçirilen hökümet maslahatynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ilata edilýän ulag, gatnaw hyzmatlarynyň ýaramazlygyna galýandygyny ýene bir gezek tassyklady.

Ol etraplardaky ýagdaýlaryň has-da ýaramazdygyny aýdyp, şeýle kemçiliklere ýol berilmeginiň raýatlarda nägilelik döredýändigini belledi.

Azatlyk Radiosyna interwýu beren ýerli ýaşaýjylar hem jemgyýetçilik transportynyň gatnawynyň özlerini kanagatlandyrmaýandygyny aýtdylar.

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň 6-njy üzümçilik daýhan birleşiginden özüni Halnazar diýip tanyşdyran 68 ýaşly pensioner öz obalaryndaky duralgada awtobusyň kagyz ýüzünde her günde azyndan 6 gatnawynyň barlygyna garamazdan, hakykatda halka zerur bolan jemgyýetçilik transportynyň gatnawynyň bu obada düýpden ýoklugyny aýtdy.

Pensioner Halnazar awtobuslaryň gatnamaýandygy sebäpli zerur bolan halatynda özleriniň hususy ulaglary ýa-da taksileri kireýine tutmaly bolýandyklaryny-da gürrüň berdi. “Awtobus bolmasa, taksa münjek bolsaň pensiýa hem ýetmeýär oňa” diýip, Halnazar aýdýar.

Diňe Ýolöten däl, Mary welaýatynyň Serhetabad şäherçesiniň ýaşaýjylarynyň käbirleri hem ulag serişdeleri bilen üpjünçilik meselesinde ilatyň dürli kynçylyklary başdan geçirýändigini aýdýar.

Özüni Sona diýip tanyşdyran 40 ýaşly öý-hojalykçy zenan öz ýaşaýan ýerinde diňe awtobus gatnawy däl, eýsem otly gatnawynyň hem kadaly amala aşyrylmaýandygyny aýtdy: “Aşgabat-Serhehetabat aralykdaky ýolagçy otlusy hemişe gijä galyp gelýär. Wagtynda baryp, wagtynda gaýtsak, gowy boljak-da. Bolmasa, galyň bende gelip garaşyp dur otla”.

Şeýle hem Sona otla biletleri bir hepde öň satyn almaly bolýandyklaryny, gyssagly ýagdaýda bir ýerik barmaly bolanda, prowodnikler bilen gürleşip, 12 manada golaý pul töläp, ýola çykýandyklaryny Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda belledi.

Prezidentiň 19-njy iýulda eden çykyşyndan çen tutulsa, transport meselesindäki problemalar diňe otly we awtobus gatnawy bilen çäklenmän, bu ugurda howa, gämi gatnawlarynda hem çözülmeli problemalaryň bardygyny aýtsa bolar.

Ol şol çykyşynda, hususanam, ilata edilýän ulag hyzmatynda, şäheriçi we şäherara awtobuslarynyň, otlularyň, uçarlaryň gatnawynda, aýratynam ilata bilet satmak düzgüniniň kadalaşdyrylmagynda uly kynçylyklaryň bardygyna ünsi çekdi.

Prezident Berdimuhamedow 19-njy iýulda geçirilen şol maslahatdan ýurduň öň hem iki gezek berk käýinç alan awtomobil transporty ministri S.Berkeliýewi işinden boşatdy.
XS
SM
MD
LG