Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: hökümet bin Ladeniň bolan ýerini öz eýeçiligine geçirdi


Pakistanda Osama bin-Ladeniň öldürlen jaýynyň duran ýeri hökümetiň eýeçiligine geçdi.

2011-nji ýylyň maýynda “Al-Kaýdanyň” ýolbaşçysy ABŞ-nyň ýörite güýçleri tarapyndan Abbottabad şäherinde öldürilipdi. Resmiler bin Ladeniň bolan jaýynyň “Al-Kaýda” toparynyň wekilleri üçin ybadat ýeri bolmagyndan howatyr edip, fewral aýynda ony ýykypdylar.

Dini işler boýunça ministr Nimroz Khan Azatlyk Radiosynyň pakistan gullugyna şeýle diýdi: "Hawa, bu ýer hökümetiň eýeçiligine geçirildi. Ýer hem häzirkisi ýaly çolalyk bir görnüşde ýatmaly däl. Käbirler muny bikanun ýagdaýda özüne almagy mümkin. Bu hem soňundan belli bir kynçylyklary döredip biler. Şeýlelikde, adamlara peýdaly bolar ýaly bu ýerde mekdep ýa-da başga bir desga bina edilmelidir”.

Mundan öň, welaýat resmileri gürrüňi gidýän ýeriň eýesini gözläp, ýerli gazetde bildiriş çap edipdiler. Emma, hiç kim ýeriň eýesi hökmünde orta çykmandy.
XS
SM
MD
LG