Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýokary okuw jaýlaryna giriş ekzamenleri başlady


Resmi maglumatlara görä, şu ýyl ýokary okuw jaýlaryna jemi 5766 adam kabul ediler.
Resmi maglumatlara görä, şu ýyl ýokary okuw jaýlaryna jemi 5766 adam kabul ediler.
Çarşenbe güni, 1-nji awgustda Aşgabadyň ýokary okuw jaýlary ir bilen adamlardan doldy. Gyzyl reňkli türkmen milli egin-eşigindäki tahýaly ýaş gyzlar, Garaşsyzlyk döwründe erkek adamlaryň milli egin-eşigine öwrülen lybas bolan – ak köýnekli gara galstukly tahýaly oglanlar sabyrsyzlyk bilen özleriniň atlarynyň tutulmagyna garaşýardylar.

Ýurduň ýokary okuw jaýlaryna giriş ekzamenleri başlady. Resmi maglumatlara görä, şu ýyl ýokary okuw jaýlaryna jemi 5766 adam kabul edilip, bu geçen ýyldaky bilen deňeşdireniňde 711 adam artykdyr.

Ýokary okuw jaýlarynyň aglabasynda giriş ekzamenleri welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça aýratynlykda kabul edilýär. Mysal üçin, bir gün Lebap welaýatyndan gelen dalaşgärler giriş ekzamenlerini tabşyrýan bolsalar, beýleki gün Balkan welaýatynyň gezegi.

Giriş ekzamenlerini tabşyrmaga gelenleriň arasynda ilkinji gezek bu prosedurany geçýänler az däl. Balkan welaýatyndan gelen Keýmir şolaryň biri. Ol Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girmegi arzuw edýär.

“Men giriş ekzamenlerine 2 aýlap taýýarlandym. Mekdepde okadylan bilim programmasynyň üstüne goşmaça iňlis dilinden aýratyn taýýarlyk gördüm. Ekzamenlerden geçerin” diýip, Keýmir aýtdy.

Onuň kakasy 52 ýaşly Aşyrmuhammet Keýmirden tapawutlylykda oglunyň giriş ekzamenlerden geçjekdigine şübheli garaýar.

“Keýmir meniň kiçi oglum. Uly oglum geçen ýyl giriş ekzamenlerinden ýykylypdy. Sebäbi men para bermedim. Olam Keýmir ýaly öz güýjüm bilen geçerin diýipdi. Şu ýyl uly oglumy daşary ýurda okamaga iberýärin” diýip, Aşyrmuhammet aýtdy.

Suratlar: Aşgabadyň ýokary okuw jaýlarynda, 1-nji awgust.

Dalaşgärleriň arasynda 2-nji, 3-nji gezek giriş ekzamenlerini tabşyrýanlar hem bar. Özüni Aýgül diýip tanadan balkanabatly gyz eýýäm üçünji gezek giriş ekzamenlerini tabşyrýandygyny aýdýar. Ol şu gezek giriş ekzamenlerinden üstünlikli geçjekdigine ynanýar.

“Şu ýyl iň soňky gezek giriş ekzamenlerini tabşyrýaryn. Ejem-kakam şundan soň boldy diýip aýtdylar. Maşgalamyzyň meni daşary ýurda okamaga ibermäge mümkinçiligi bar. Ýöne ejemiň uzak ýurda okamaga iberesi gelenok” diýip, Aýgül gürrüň berdi.

Keýmir hem-de Aýgül giriş ekzamenlerini tabşyrmaga gelenleriň köpüsi ýaly öz ene-atasy bilen Aşgabada gelipdirler. Dalaşgärleriň ene-atalary giriş ekzamenlerini kabul edýän toparyň oturan jaýynyň gapysynda öz çagalaryna garaşyp otyrdylar.

Resmi çeşmelerde şu ýyl 110-müňe golaý okuwçynyň orta mekdebi tamamlanlygy we olaryň aglaba böleginiň ýokary okuw jaýlaryna girmäge dalaş etjekdigi çak edilýär.

Şol bir wagtyň özünde-de ýokary okuw jaýlaryna girmäge synanyşýanlaryň arasynda, orta mekdepleri geçen ýyllaryň dowamynda tamamlap, emma henize çenli ýokary okuw jaýlaryna girip bilmän gelýän dalaşgärler hem bar.

Türkmen telewideniýesiniň Watan habarlar programmasynyň 1-nji awgustda beren maglumatynda bolsa, bu ýyl 1 orna 4-5 studentiň dalaş edýändigi barada habar berildi.

Daşary ýurtlara öz hasaplaryna ýokary bilim almak üçin gidýän türkmen ýaşlarynyň sany resmi taýdan äşgär edilmese-de, olaryň hem sanynyň barha artýandygy aýdylýar.

Soňky ýyllarda döwlet tarapyndan hem ýaş türkmenistanlylaryň 3 müňe golaýy daşary ýurtlara okamaga iberilýärdi. Emma, şu ýyl döwletiň ýardamy bilen halkyň puluna näçe türkmenistanlylaryň daşary ýurtlara okamaga iberiljekdigi barada resmiler entek maglumat bermeýärler.

Ýokary okuw jaýlarynda okamaga hukuk gazanmak üçin 1-nji awgustda başlan giriş ekzamenleri we okuwa kabul edilmek çäresi awgust aýynyň ahyryna çenli dowam eder. Bu çärede, adat boýunça, “Ruhnama” dersi boýunça hem ekzamenler geçiriler.
XS
SM
MD
LG