Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Özbegistanyň Yslam hereketi” toparynyň lideri Pakistanda öldürildi


“Al-Kaýda” bilen ilteşigi bolan “Özbegistanyň Yslam hereketi” toparynyň web-saýtynda ýerleşdirilen maglumata görä, toparyň lideri Osman Adyl Pakistanda amala aşyrylan howa zarbasynda öldürilipdir.

Web-saýtdaky maglumata görä, indi toparyň ýolbaşçylygyna Adylyň orunbasary – Osman Gazy geçipdir.

Adylyň anyk nirede we nähili ýagdaýlarda öldürlendigi barada häzirlikçe hiç hili maglumat ýok.

“Özbegistanyň Yslam hereketi” yslamçy topar bolup, onuň düýbi 1991-nji ýylda tutulypdy. Onuň maksady Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimowy häkimiýetden agdaryp we şerigat kanunlaryna laýyklykda bir döwleti gurmakdan ybaratdy.

“Özbegistanyň Yslam hereketi” 1999-njy we 2000-nji ýyllarda Gyrgyzystanyň günorta sebitlerine hem hüjümleri amala aşyrypdy.

Toparyň türgenleşik bazalary Pakistanyň Waziristan regiounynda ýerleşýär.
XS
SM
MD
LG