Orsýetde aýal-gyzlardan düzülen “Pussy Riot” atly pank toparynyň üç agzasynyň hökümi 17-nji awgustda yglan ediler.
24 ýaşly Mariýa Alýohina, 22 ýaşly Nadežda Tolokonnikowa we 29 ýaşly Ýekaterina Samusewiça huligançylykda aýyplama bildirilýär. Olar şu ýylyň mart aýynda Moskwanyň merkezi hristian ybadathanasynyň içinde prezident Putiniň dolandyryşyny ýazgaryjy kinaýaly protest aýdymy bilen çykyş edenlerinde, tussag edilipdiler.
Hökümiň yglan ediljek wagtyny Moskwanyň Kamowniçeskiý sudy kesgitledi. Çarşenbe güni geçirilen sud diňlenşiginde aýyplanýanlaryň aklawçylary çykyş edip, häzirki sud işini Stalin döwrüniň repressiýalary bilen deňeşdirdiler.
Prokurorlar “Pussy Riot” toparynyň üç agzasyna üç ýyl türme tussaglygynyň berilmegini soraýarlar. Tussaglykdaky aýallaryň aklawçylary bolsa, müşderileriniň bigünä diýlip ykrar edilmegini talap edýärler.