Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putini tankyt edýän deputat Dumadan çykaryldy


Anna güni Orsýetiň döwlet Dumasynyň agzalary prezident Wladimir Putiniň tankytçysy Gennadiý Gudkowy deputatlyk mandatyndan mahrum etmek barada ses berdiler.

Mundan ozal prokuratura Gennadiý Gudkowy parlamentde işlän döwründe bikanun kommersiýa işlerini alyp baranlykda aýyplady.

“Sprawedliwaýa Rossiýa” partiýasyndan deputat Gennadiý Gudkow ses berişligiň netijesinde deputatlyk mandatyndan mahrum edildi.

Gudkow Dumanyň bu kararyny syýasy sebäpler bilen baglanyşdyrýar.

Onuň Dumadan çykarylmagyny goldap “Ýedinaýa Rossiýa” we “Orsýetiň Liberal demokratik” partiýalarynyň agzalary ses berdiler, “Sprawedliwaýa Rossiýa” we “Kommunistik” partiýalarynyň agzalary bolsa bu karara garşy çykdylar.
XS
SM
MD
LG