Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aktiwistler Türkmenistanda “söz azatlygyna” ünsi çekýärler


ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi
ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi
18-nji sentýabrda “Ynsan hukuklary boýunça türkmen Inisiatiwasy” guramasy Türkmenistanda söz azatlygynyň howp astyndadygyny aýdyp, beýannama ýaýratdy.

Azatlyk Radiosy “Türkmen inisiatiwasynyň” “Ynsan hukuklary boýunça halkara partnerlygy” we “Gollandiýanyň Helsinki Komiteti” bilen bilelikde ýaýradan bu beýannamasynda gozgan meseleleri barada guramanyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatullin bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Siz bu beýannamany näme sebäpden ýaýratdyňyz?

Farid Tuhbatullin: Indiki hepdede Warşawada ynsan ölçegleri boýunça ýyllyk konferensiýa geçiriler. Iki hepde dowam etjek bu konferensiýada Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlarda ynsan hukuklary boýunça eçeme meselelere garalar. Biz bu konferensiýa gatnaşýanlygymyz üçin beýannama ýaýratdyk. Biz öz maglumatlarymyzy ÝHHG-niň ýolbaşçylaryna, agza ýurtlaryna, metbugata, gyzyklanýan guramalara ýetirmekçi bolduk.

Azatlyk Radiosy: Beýannamaňyzda söz azatlygy howp astynda diýýärsiňiz? Sizde takyk maglumatlar barmy?

Farid Tuhbatullin: Hawa, biz häzirki wagtda söz we pikir azatlygynyň ýagdaýyna ünsi çekmegi möhüm hasapladyk. Biz öz hasabatymyzda Türkmenistanda žurnalistlere edilen hüjümler we saýtlaryň petiklenmegine degişli wakalar barada aydýarys. Türkmen häkimiýetleri raýatlaryň informasiýa almagyna we ýaýratmagyna, şol sanda islän saýtlaryna girmegine hem halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmegine uly päsgelçilik döredýärler.

Azatlyk Radiosy: Soňky ýylyň dowamynda Türkmenistanda ynsan hukuklaryna degişli nähili kemçilikler boldy?

Farid Tuhbatullin: Gynansak-da, şeýle wakalar köp boldy. Hususan-da hereket azatlygyna degişli kynçylyklar köp. Adamlar ýurda erkin baryp, erkin çykyp bilenoklar, olara dürli päsgelçilikler döredilýär. Ýurtda kollektiwleýin jeza beriş sistemasy ulanylýar, ýagny maşgalanyň bir agzasy günälense maşgalanyň beýleki agzalary-da dürli repressiýalara sezewar edilýärler, ýa-da olaryň hak-hukuklary bozulýar.

Azatlyk Radiosy: Soňky ýyllarda Türkmenistan ynsan hukuklary meselesinde ozalkylaryna garanda döwlet derejesinde has aktiw hereket edip başlady. Siziň pikiriňizçe, ýurtda ynsan hukuklarynyň ýagdaýy iş ýüzünde gowulandymy?

Farid Tuhbatullin: Türkmen häkimiýetleri resmi derejede BMG-niň edaralaryna hasabat berip başladylar. BMG-niň komitetleri resmi hasabatlaryň yzygiderli berilýänligini oňyn tendensiýa hökmünde kabul edýärler. Emma bu hasabatlarda aýdylýan zatlaryň durmuşa geçirilmeginde özgeriş ýok. Biz Türkmenistanda ynsan hukuklarynyň ýagdaýyna köpden bäri syn edýäris, emma biz aladalanma bildirip, gozgap gelýän meselelerimizde gowulyga tarap üýtgeşiklik görmeýäris.

Azatlyk Radiosy: 24-nji sentýabrda ÝHHG-niň ynsan ölçegleri boýunça başlanýan konferensiýasynda siz nämä ünsi çekmekçi we nähili teklipleri öňe sürmekçi?

Farid Tuhbatullin: Biz Türkmenistanyň hökümetine we halkara strukturalaryna, şol sanda ÝHHG-ä birnäçe rekomendasiýalary bermekçi. Türkmenistanyň bu guramanyň agzasy hökmünde birnäçe borçlary bar, emma ol bu borçlaryny gaty seýrek ýerine ýetirýär. Biz ÝHHG-niň Türkmenistanyň bu pozisiýasyna has ünsli we has tankydy garamagyny isleýäris. Ynsan hukuklaryny goraýjylaryň türkmen hökümetine täsir etmek üçin halkara jemgyýetçiligine ýüzlenmekden başga guraly ýok. Biz öz çagyryşlarymyzyň, şeýle-de şu saparky çagyryşymyzyň ýagdaýy özgertjegine umyt baglaýarys.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, halkara jemgyýetçiliginiň ynsan hukuklary bilen baglylykda bildirýän aladalanmalary türkmen häkimiýetlerine täsir ýetirýärmi?

Farid Tuhbatullin: Kanun taýdan käbir işler edilýär. Kanunlar biraz täzelenýär. Gowulyga tarap özgerişiň bardygy görkezilýär. Ýakynda täze syýasy partiýa döredildi. Emma demonstratiw häsiýete eýe bolan bu ädimler adamlaryň durmuşynyň gowulanmagyna we ýurtda demokratik özgerişlikleriň başlanmagyna oňyn täsir ýetirmedi.

Azatlyk Radiosy: Ýakyn günlerde Warşawada geçiriljek konferensiýa ýaly halkara çäreleriniň Türkmenistandan başga ýurtlarda ynsan hukuklary bilen bagly ýagdaýyň gowulanmagyna täsir ýetirýärmi?

Farid Tuhbatullin: Finlýandiýa, Şwesiýa ýaly demokratik ýurtlar üçin halkara konferensiýalar örän peýdaly bolýar. Olar islendik tankyda masgaraçylyk hökmünde däl-de, problemany düzetmäge ýol hökmünde garaýarlar. Olar halkara duşuşyklaryny beýleki çeşmelerden alyp bolmaýan maglumatlary toplamaga gural hökmünde ulanýarlar. Emma Türkmenistan ýaly ýurtlar islendik tankyda ýolberilmesiz bir waka hökmünde çemeleşýärler we tankydyň sebäplerine däl-de, problemanyň üstüni açýanlara garşy göreşýärler.
XS
SM
MD
LG