Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Mekdeplerdäki “pully” maslahatlar


Mekdeplerde kompýuterleri saklamak üçin şeýfleriň-de okuwçylaryň hasabyna ýasadylýandygyny aýdýan ene-atalar bar.
Şu günler paýtagt Aşgabadyň orta mekdeplerinde ene-atalar ýygnaklary geçirilýär. Bu ýygnaklarda esasan ene-atalaryň nämä we näçe pul bermelidikleri baradaky meseleler maslahatlaşylýar. Şeýle ýygnaklara gatnaşanlardan birem Aşgabadyň ýaşaýjysy Sapargül.

“Ýygnakda okuwçylaryň köpçülikleýin çärelerde geýmeli egin-eşikleri üçin pul ýygnalmalydygy barada aýdyldy. Her ene-ata 40 manat goşmaly” diýip, ogly 4-nji klasa gatnaýan aşgabatly ýaşaýjy Sapargül gürrüň berýär.

Onuň aýtmagyna görä, ene-atalaryň pullaryna satyn alynjak egin-eşikler klasyň hemme okuwçylary üçin däl-de, diňe köpçülikleýin çärelere gidýän käbir okuwçylar üçin satyn alynýar. Köpçülikleýin çäreler üçin egin-eşik satyn alyp, taýýar edip goýmak düzgüni paýtagtyň ençeme orta mekdeplerinde bar.

Her aý tölenmeli tölegler

Käbir mekdeplerde köpçülikleýin çäreleriň harajatlary üçin ene-atalardan belli bir möçberde her aý pul ýygnalýandygy hem aýdylýar. Bu pullar esasan köpçülikleýin çäreleriň ownuk-uşak atributikalary, ýagny gerek zatlary bolan baýdakdyr şarjagazlary satyn almak üçin sarp edilýär.

Mysal üçin, aşgabatly Sapargülüň oglunyň okaýan mekdebinde bu maksatlar üçin her aý 5 manat pul ýygnalýar. Sapargülüň aýtmagyna görä, şol ýygnalýan puluň ujundan klas tagtasynda hat ýazmak üçin gerek bolan hek, pol ýuwmak üçin gerek ýuwujy serişdeler hem satyn alynýar.

Mundan başga-da, ene-atalar ýygnagynda Sapargülüň oglunyň klas ýolbaşçysy 70 manat goşup, split-sistema, ýagny klasyň howasyny täzeläp durjak iki bölekden ybarat enjamyň satyn alynmalydygyny hem habar beripdir.

“Geçen ýyl oglumyň öňki klasy üçin ene-atalardan 30 manat ýygnalyp, split-sistema satyn alnypdy. Emma, täze klas ýolbaşçysy has uly 60-lyk split-sistemany satyn aljak bolýar” diýip, Sapargül gürrüň berýär.

Munuň bilen hem çäklenmeýär

Okuwçylardan soralýan pul diňe sport egin-eşikleri bilenem çäklenmeýär. Aşgabatdaky sirkiň güýzki möwsüminiň başlanmagy bilen, sirki tomaşaçylar bilen doldurmak hem ene-atalaryň hasabyna amala aşyrylýar diýen maglumatlar bar. Biziň bilen söhbetdeş bolan käbir ene-atalaryň aýtmaklaryna görä, sirk üçin hem olardan pul talap edilýär.

“Sirk üçin her okuwçydan 3 manat alynýar. 2 manat sirkiň biledi üçin, 1 manat bolsa awtobusa. Sirke gitmeseňem, biledi hökman satyn alaýmaly. Ýogsam, klas ýolbaşçysy günüňe goýanok. Olam biledi mejbury satmaly bolýar” diýip, adynyň agzalmagyny islemedik aşgabatly başga bir ýaşaýjy aýtdy.

1-nji klas mekdep okuwçylary üçin mugt netbuklaryň paýlanmagy hem şol okuwçylaryň ene-atalaryny ýene-de çykdajy etmäge mejbur edýär.

Okuwçylara berlendigi aýdylýan netbuklary, ýagny göterme kompýuterleri olaryň öýlerine äkitmäge rugsat edilmeýär. Şol sebäpden, olary mekdepde saklamak üçin ýörite demir seýfler ýasadylýar. Bu şeýfleriň hem okuwçylaryň hasabyna ýasadylýandygyny aýdýan ene-atalar bar. Hatda diňe şeýfler däl, mugallyma netbuklar arkaly sapak geçmek üçin uly monitorlary satyn almak hem käbir mekdeplerde ene-atalaryň boýnuna düşýär.

“Seýf şkaflar üçin 20 manat, uly monitor üçin 50 manat goşduk. Ýogsam, mugallym her okuwçynyň ýanyna baryp, netbugynda geçilýän sapak barada gürrüň bermeli bolýar” diýip, şu ýyl gyzy birinji klasa okuwa giden aşgabatly 36 ýaşly Gylyç özara söhbetdeşlikde gürrüň berdi.

Paýtagtyň mekdeplerinde ene-atalaryň ýygnaklary dowam edýär.
XS
SM
MD
LG