Şenbe güni Pakistanyň iň uly şäheri bolan Karaçi şäherinde musulman dini barada ABŞ-da döredilen filme protest bildirip, müňlerçe adam ýöriş geçirdi. Karaçi şäheriniň polisiýa bölüminiň resmisi Şafik Ahmad bu protest ýörişine azyndan 15 müň töweregi adamyň gatnaşandygyny aýtdy.
Birleşen Ştatlarda döredilen “Musulmanlaryň bigünäligi” atly filme garşy protestler geçen hepde Pakistanda has-da köpçülikleýin we ýykan-ýumrançylykly häsiýete eýe bolupdy.
Şol protest çykyşlarynyň barşynda protestçiler bilen polisiýanyň arasynda ýüz beren çaknyşyklarda azyndan 21 adamyň ölendigi habar berilýär.
Şu geçen hepdäniň penşenbe güni bu filmiň režissýory diýlip hasaplanylýan Nakola Bassleý Nakola Birleşen Ştatlarda tussag astyna alyndy. Häzirki wagt oňa garşy ozalky şertli tussaglyk möhletiniň düzgünlerini bozanlykda bildirilýän aýyplamalar boýunça derňew işleri alnyp barylýar.