Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zukgerbag bilen Medwedew Feýsbugyň Orsýetdäki geljegini maslahatlaşýar


Orsýetiň premýer ministri Dmitriý Medwedew Moskwada Feýsbugy esaslandyryjy Mark Zukgerbag bilen duşuşyp, bu sosial ulgamyň rus bazaryndaky geljegi barada maslahat etdi.

Orsýetiň premýer ministriniň sözçüsi olaryň Orsýetde informasiýa tehnologiýasyny ösdürmek, nusga alyş hukuklary we Medwedewiň Skolkowadaky başlangyçlary barada gürleşendiklerini aýtdy.

Medwedew Moskwanyň daşyndaky Skolkowa şäherinde Silikon jülgesine çalymdaş tehnologiýa merkezini döretmegiň inisiatory bolupdy.

Orsýet dünýäde Feýsbugyň nomer 1 sosial ulgam hasaplanmaýan az sanly ýurtlarynyň biridir. Ol Orsýetde WKontakte atly websaýtdan soň ikinji orunda durýar.
XS
SM
MD
LG