Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Täze býujet täze sowallary döredýär


Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň binasy.
Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň binasy.
19-njy oktýabrda Türkmenistanyň Mejlisi 2013-nji ýyl boýunça döwlet býujeti baradaky kanuny kabul etdi. Bu kabul edilen kanuna laýyklykda, geljek ýyl döwlet býujetiniň umumy sarp ediljek bölegi 89 milliard 736 million manada golaý bolar.

Şu puluň ýarsyndan gowragynyň, ýagny 47 milliard manatdan gowragynyň önümçilik we sosial-medeni pudaga goýberiljekdigi aýdylýar. Eýsem, göz öňünde tutulýan bu çykdajylar we, umuman, Türkmenistanyň geljek ýylky býujet syýasaty barada bilermenler nähili garaýyşda? Azatlyk Radiosy şu barada Türkmenistanyň merkezi bankynyň başlygynyň ozalky orunbasary, ykdysadyýet ugrundan bilermen Annadurdy Hajyýew bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Annadurdy, Türkmenistanyň täze döwlet býujeti barada berlen resmi maglumatda geljek ýyl käbir pudaklara goýberiljek serişdeleriň prosent gatnaşygynyň geçen ýyldakydan birneme köp boljakdygy aýdylýar, emma olaryň pul möçberi görkezilmeýär. Munuň üstesine, sarp ediljek tutuş puluň 50 prosentden gowragynyň önümçilik we sosial-medeni pudaga goýberiljekdigi aýdylýar. Önümçilige we sosial-medeni pudaga tutuş býujetiň ýarsyndan gowragynyň sarp edilmegi, siziň pikiriňizçe, ýerlikli zatmy?

A.Hajyýew: Türkmenistan bilen bagly islendik meselä garalanda, biz esasy bir problema bilen ýüzbe-ýüz bolýarys – bu ýurduň ýapyklygy. Görkezilýän bir ýa-da sanlyja sanlaryň esasynda bu ýurtda nämeleriň amala aşyrylýandygyny seljermek mümkin däl. Munuň üçin has giňişleýin maglumatlaryň bolmagy zerur.

Türkmenistanyň sosial-medeni ösüşi üçin goýberiljek 50 prosentden gowrak serişde barada aýdylanda bolsa, meniň pikirimçe, şeýle möçberdäki serişde asla real goýberilmeli serişde däl. Bu meselede häkimietler “biz welaýatlarda şular ýaly edaralary, şunça çagalar bagyny, şunça mekdebi, şunça sany keselhanany, şunça kluby, şunça sany stadion we şuňa meňzeşleri gurmakçy” diýip maglumat bermeli.

Azatlyk Radiosy: Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna gelen başky ýyllarynda haýsy pudaga býujetiň näçe prosent pulunyň goýberiljekdigi barada has anygrak maglumatlar hem berlip başlanypdy. Ýöne häzirki býujet kanunynda haýsy pudaga anyk näçe puluň goýberilýändigi görkezilmeýär-de, diňe geçen ýylky bilen deňeşdirilende näçe prosent artdyrylýandygy aýdylýar. Ilata anyk sanlaryň görkezilmezliginiň sebäbi näme bilen baglanyşykly bolup biler?

A.Hajyýew: Bu ýerde, meniň çakym boýunça, “sosial-medeni çykdajylar” diýen deliliň arkasynda dürli hili medeni obýektleriň, teatrlaryň, nähilidir bir stadionlaryň, nähilidir bir myhmanhanalaryň gurluşyklary üçin ediljek çykdajylar duran bolmaly.

Elbetde, bu barada maglumatyň ýoklugy bolsa, ýene-de, Türkmenistanyň ýapyklygy bilen baglanyşykly. Galyberse-de, bu ýagdaý ýurduň ähli durmuşynyň diňe bir adam, ýagny prezident tarapyndan dolandyrylýandygy bilen baglanyşykly. Ol, hökümet ýolbaşçysy hökmünde, parlamente-de hasabat bermeýär. Onuň üstünden hiç hili kontrollyk ýok.

Şoňa görä-de, prezident anyk sanlar barada gürrüň etmekligi ýa-da edilen we edilmedik işler barada hasabat bermekligi zerur hem hasaplamaýar. Ol nähilidir bir howaýy sanlar barada gürrüň edýär, ol sanlar barada bolsa hiç hili anyk subutnamalar berilmeýär.

Azatlyk Radiosy: Ösen günbatar ýurtlarda döwlet býujeti kabul edilende, býujet baradaky maglumatlary ilata açyk etmekde nähili praktikalar ulanylýar?

A.Hajyýew: Günbatardaky ýönekeý praktika köppartiýalylyk sistemasyndan durýar. Onda her bir partiýa ilatyň bähbidini öňe sürüp, çykyş edýär. Olar sosial maksatlar, saglygy saklaýyş we ähli beýleki pudaklar üçin goýberilýän serişdeler barada anyk sanlary görkezýärler. Bu sanlar hem, mysal üçin, derman satyn almak, enjam satyn almak, medisina işgärlerine hak tölemek diýen ýaly anyk maksatlara bölünýär.

Şonuň netijesinde, raýatlar býujet serişdeleriniň anyk niräk gönderilýändigini bilýärler. Munuň hem üstesine, býujet ýylynyň ahyrynda häkimiýetler ol ýa-da beýleki bir maddalar boýunça serişdeleriň nähili sarp edilendigi barada hasabat berýärler. Emma, Türkmenistanda bular ýaly zat ýok.
XS
SM
MD
LG