Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainada 450 orunlyk parlamente saýlawlar geçirilýär


Ýekşenbe güni Ukrainada parlamente saýlawlar geçirilýär. Ukrainanyň raýatlary bu saýlawlarda 450 orunlyk parlamente dalaş edýän kandidatlara öz seslerini berýärler.

Synçylar prezident Ýanukowiçiň Regionlar partiýasynyň parlamentdäki agdyklygyny saklamagynyň mümkindigini aýdýarlar.

Häzirki saýlawlar prezident Wiktor Ýanukowiçiň 2010-njy ýylyň başynda prezident saýlanaly bäri geçirilýän ilkinji parlament saýlawlarydyr. Saýlawlarda onuň Regionlar partiýasy ýeňiş gazanan halatynda, bu Ýanukowiçiň häkimiýetini has-da berkider diýlip garaşylýar.

Türme tussaglygyndaky Ukrainanyň ozalky premýer-ministri Ýuliýa Timoşenko saýlawlaryň öňýany saýlawçylara ýüzlenip, olary Ýanukowiçiň partiýasyna ýeke ses hem bermezlige çagyrdy we Regionlar partiýasynyň ýeňiş gazanan halatynda, munuň Ukrainany gutulgusyz ýagdaýda diktatura alyp geljekdigini nygtady.

Ýuliýa Timoşenko wezipesinden hyýanatçylykly peýdalananlykda aýyplanyp, geçen ýylyň oktýabrynda ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Onuň özi bu bildirilen aýyplamany syýasy matlaba esaslanýan aýyplama diýip atlandyryp gelýär.
XS
SM
MD
LG