Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Burmada göknaryň ýetişdirilmegi barha möwjeýär


Burmada soňky alty ýylyň dowamynda göknaryň ýetişdirilmegi barha möwjäpdir. Bu barada BMG-niň ýaýradan ýörite hasabatynda nygtalýar.

BMG-niň Neşe jenaýatlary boýunça edarasynyň (UNODC) çarşenbe güni ýaýradan maglumatynda, Burmanyň hökümetiniň göknaryň ýetişdirilmegine garşy başlan kampaniýasyna hem garamazdan, bu ugurda kemelmäniň bolmandygy bellenilýär.

Göknar geroini ýasamak üçin ulanylýar. BMG-niň maglumatlaryna görä, göknary ýetişdirmek boýunça Burma, Owganystandan soň ikinji orunda dur.

BMG-niň Neşe jenaýatlary boýunça edarasynyň çarşenbe güni ýaýradan ýyllyk hasabatynda, şu ýyl Mýanmarda göknary ýetişdirmek üçin ulanylýan ýerleriň meýdany 17% töweregi artyp, ol 51 müň gektara golaýlaýandygy bellenilýär.
XS
SM
MD
LG