Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

100-den gowrak halkara kompaniýasy özbek pagtasyny boýkotirleýär


Halkara derejesinde zähmetkeşleriň hukugyny goraýjy we düýbi Kaliforniýada ýerleşýän “Responsible sources network» atly guramanyň direktory Patrisa Ýurewiç Özbegistanyň pagta eksportyna garşy boýkot yglan edendiklerini mälim etdi.

Hususan-da, Patrisa Ýurewiçiň aýtmagyna görä, Özbegistanyň pagta meýdanlarynda çaga zähmetiniň ulanylmagyna protest bildirip, egin-eşik öndürýän kompaniýalaryň 100-den gowragy özbek pagtasyny satyn almazlygy karar edipdir.

Bu kompaniýalaryň hatarynda “Wal Mart”, “JCPenney”, “American Eagle” we “Zara” ýaly belli kompaniýalar-da bar.

Patrisa Ýurewiç Özbegistanyň prezidentiniň çaga zähmetini gadagan etmek barada çykaran permanyna garamazdan, bu ýurtda henizem 15-18 ýaş aralygyndaky çagalaryň pagta meýdanlarynda agyr zähmet çekmäge mejbur edilýändiklerini aýdýar.
XS
SM
MD
LG