Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Polisiýa är-aýalyň öz gyzyny öldürendigini aýdýar


Anna güni Pakistanyň polisiýasy bu ýurduň Kaşmir regionynda öz gyzyny öldürenlikde aýyplanýan ýerli är-aýaly tussag etdi.

Kaşmir regionynyň ýerli resmileri bu är-aýalyň öz 15 ýaşly gyzynyň üstüne kislota guýup, öldürendigini aýdýarlar.

Polisiýanyň aýtmagyna görä, är-aýal öz gyzyny öýleriniň daşynda bir oglan bilen gürleşendigi üçin öldürendigini boýun alypdyr.

Olar öz gyzlaryna garşy gören bu çäresini maşgalanyň namysyny goramak üçin edilen iş hökmünde düşündiripdirler. Geçen ýyl Pakistanda “namys üçin” diýlip öldürilen aýal-gyzlaryň sany müňe golaý bolupdy.
XS
SM
MD
LG