Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýylyň hüjüminde Gaza şäherinde 5 adam ölüp, 26 adam ýaralandy


Ýekşenbe güni Ysraýylyň goranmak ministri Ehud Barak palestinaly söweşijiler bilen Ysraýylyň güýçleriniň arasyndaky çaknyşyklaryň güýçlenmek howpunyň bardygyny aýdyp, beýanat etdi.

Ýekşenbe güni irden Ysraýylyň harby resmileri palestinaly söweşijileriň atan granatamýot okundan dört sany ysraýylly esgeriň ýaralanandygyny mälim etdiler.

Muňa jogap edip Ysraýylyň harbylarynyň Gaza şäheriniň gündogar raýonyna atan tank oklaryndan palestinaly 5 sany parahat ýaşaýjynyň ölüp, 26 ýaşaýjynyň-da ýaralanandygy barada maglumat alyndy.
XS
SM
MD
LG