Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nurmämmedow: “Howolar” ulanylsa gowy boljak


“Howoly” meselä bir taraplaýyn seredildi." N. Nurmämmedow.
“Howoly” meselä bir taraplaýyn seredildi." N. Nurmämmedow.
Aşgabatda anna güni geçirilen hökümet maslahatynda ýurtda "KAMAZ" kysymly ýük ulaglarynyň tehniki-hyzmat merkezlerini gurmak barada gürrüň edildi. Şol bir wagtda ýurt içinden "Howo" kysymly ýük ulaglarynyň köpüsiniň işsiz durandygy aýdylýar. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň iýul aýynda geçen hökümet maslahatlarynyň birinde "Howo" maşynlary barada hem gürrüň edilipdi. Azatlyk Radiosy "Howo" meselesi barada ýerli synçy Nurberdi Nurmämmedow bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Şu ýylyň iýul aýynda Hytaýda öndürilýän «Howo» maşynlarynyň Türkmenistanda ulanylşy barada hökümet maslahaty derejesinde gürrüň edildi. Şondan soň bize gelip gowuşýan habarlarda “Howo” eýeleriniň ullakan zyýana galandygy aýdylýar. Eýsem, Türkmenistanda “Howo” meselesi iş ýüzünde nähili çözüldi?

Nurberdi Nurmämmedow: Ýaňky agzan maslahatyňyzda “Howoly” meselä bir taraplaýyn seredildi. “Howonyň” ýollary zaýalaýandygy barada gürrüň edildi, onsoňam käbir “Howoly” adamlaryň öz maşynlaryny registrasiýa etmändikleri barada gürrüň edildi. Şol maslahatda Türkmenistanyň prezidenti “Howony” ulanmaklyga gatnaşýan ulgamlara, pudaklara, hem şol telekeçileriň “Howolaryny” işledýän ulgamlara-da özleriniň tekliplerini aýtmaklygy buýrupdy. Emma şol maslahatdan soň biz şol teklipleri görmedik.

Ýöne maslahatyň içinde aýdylan zatlar bar: meselem, içeri işler ministri “Howony” daş karýerlerinde ulansa boljak diýipdi. Şol maslahatdan soň diňe şol teklip göz öňünde tutuldy. Onuň ýaly işlerem “Howolulara” ýeterlik däl. Sebäbi ýurtda, şol maslahatda dört müň bäş ýüze ýakyn “Howo” işledilýän eken.

Meniň eşidişime görä, entek registrasiýadan geçmedik maşynlar ondanam kän eken. Şonça maşyna karýerde işlär ýaly iş ýeri ýok. Netijede, olar uly zyýan çekdiler, şu wagtam zyýan çekip ýörler.

Azatlyk Radiosy: Siz “Howo” eýeleri bilen görüşýän, gürleşýän bolsaňyz, olar şu meseläniň nähili çözülmegini isleýärler? Bu ýagdaýda nähili çözgüt bolup biler?

Nurberdi Nurmämmedow: “Howoly” adamlar öz pikirlerini şeýleräk jemleýärler: eger-de “Howo” maşynlary dogry ýüklense, olaryň ýollara, köçelere edýän agramy häzirki talapdan geçmelem däl.

Meselem, “Howonyň” öz agramy 15 tonna töweregi, oňa ýüklenýän ýüküň agramy 20 tonnadan geçmedik ýagdaýynda şu wagtky ýol hereketinde bildirilýän talapdan agyr däl. Şol talaba, “Howolar” dogry ýük urlanda, gabat gelýärler. Şol zatlar edilen ýagdaýynda “Howolar” Türkmenistanyň ýollarynda işläbermeli. Emma, näme üçindir, hiç bir ýerde görkezilmedik, hiç bir ýerde aýan edilmedik görkezmeler esasynda “Howolar” ýola çykmaly däl edildi.

Ondan başga-da ýene bir zat aýtmak gerek: şol “Howolar” köçä çykmasyz edilen gününiň ertesi gün diýen ýaly, ýurtda ulanyşdan gaçan “KAMAZ” ýük maşynlary ortaça 12 müň dollar bahadan 18 müň dollar baha ýetdi. Häzir Türkmenistanyň ýollarynda “KAMAZ” ýük maşynlary kän görünýär. Emma “KAMAZ” maşynynyň tehniki derejesi “Howonyňkyça” ýok. Ine, gidip barýansyň welin, öňüňde “KAMAZ” awtomobili barýar, ondan çykýan tüsse ýoly tutýar, şonuň gapdalyndan geçjek bolsaň, seniň maşynyň içini tüsse tutýar.

Ýene-de bir zat bar: “Howo” awtomobilleri uly ýük göterýän, tizlikli maşyn. Olaryň öndürijiligem uly. “Howolar” ýatyrylandan soň, käbir uly gurluşyk edaralarynda öndürijilik peselipdir. Onsoňam, eger-de ýurda şonça “Howo” awtomobili getirilen bolsa, ol ýeke bir “Howo” eýeleriniň baýlygy däl, ol ýurduň baýlygy. Olar ulanylsa gowy boljak. Emma häzir “Howo” eýeleri awtomobillerini ulanybam bilenoklar, olary satybam bilenoklar.
XS
SM
MD
LG