Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Barak Obama Günorta Aziýa ýurtlaryna uzak sapara ugraýar


Şenbe güni Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Günorta Aziýa ýurtlaryna resmi sapara ugraýar. Munuň özi ýakynda geçen prezidentlik saýlawlarynda gazanan ýeňşinden soň Barak Obamanyň daşary ýurtlara edýän ilkinji saparydyr.

Bu saparynyň ilkinji güni ol Taýlanda barar. Ondan soň onuň Birma we Kambojiýa barmagyna garaşylýar. Kambojiýada prezident Obama Gündogar Aziýa ýurtlarynyň Assosiasiýasynyň maslahatyna hem-de Gündogar Aziýa Sammitine gatnaşmaklygy planlaşdyrýar.

Soňky wagtlar Waşington Hytaýyň güýçlenýän täsirlerini balansirlemekde rol oýnap biler diýlip hasaplanylýan käbir Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmäge ýykgyn edýär.
XS
SM
MD
LG