Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Neşirlere abuna ýazyşlyklar dowam edýär


Häzir ýurtda 26 sany gazet çap edilýär. Neşir edilýän žurnallaryň sany bolsa 15-den geçdi.
Häzir ýurtda 26 sany gazet çap edilýär. Neşir edilýän žurnallaryň sany bolsa 15-den geçdi.
Häzir Türkmenistanda gazet-žurnallara abuna ýazylmak, has dogrusy, abuna ýazmak çäreleri dowam edýär. Her bir gazetde ýa-da žurnalda degişli neşire 2013-nji ýyl üçin ýazylmaga mümkinçiligiň bardygy barada bildirişler ýerleşdirilýär.

“Abuna kampaniýasy dekabr aýynyň ortalaryna çenli dowam eder” diýip, paýtagtyň Parahat mikroraýonynda ýerleşýän poçta edarasynyň işgäri aýtdy. “Ýöne bu poçta edarasyna gelip abuna ýazylýan adam örän az. Biziň poçtamyzda abuna ýazylan adamlaryň sany häzire çenli 30-a hem ýetenok”.

Emma, muňa garamazdan, türkmen gazet-žurnallaryna ýazylýanlar az däl. Käbir raýatlaryň aýtmaklaryna görä, häzirki abuna ýazylyşyk öňki prezident Saparmyrat Nyýazow döwründäki ýaly mejbury ýagdaýda amala aşyrylýar. Orta mekdebiň mugallymy Aýnabat hem şeýle ýagdaýy başgan geçirýänleriň biri. Ol indiki ýyl üçin dört gazete we bir žurnala ýazylypdyr.

“Haýsy-da bolsa bir gazete ýazylmak bizde eýýäm mejbury däbe öwrüldi. Abuna ýazylmagymyzy ýolbaşçylarymyz talap edýärler. Geçip barýan ýyl üçin üç sany gazete ýazylmaly diýdiler. Indiki ýyl bolsa dört sanysyna ýazylmaly” diýip, Aşgabatdaky orta mekdepleriň biriniň mugallymy Aýnabat gürrüň berýär.

Abuna ýazylmaga mejbur edilýän döwlet işgärleriniň käbirleriniň aýtmaklaryna görä, olar hepdede bir gezek çykýan “Türkmen dili” gazetine abuna ýazylmaga has köp isleg bildirýärler. Sebäbi bu gazetiň bir sanynyň bahasy 5 teňňe. Bir ýyllyk abuna üçin 2 manat 8 teňňe tölemeli.

Mejburylykdaky hökmanylyk

Mejbury abuna ýazylýan döwlet işgärleri öz işleýän pudaklaryna degişli gazet-žurnallary hökman saýlamaly. Mysal üçin, lukmanlaryň “Saglyk” žurnalyna, Türkmenistanyň demokratik partiýasynyň agzalarynyň “Galkynyş” gazetine, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalarynyň “Rysgal” gazetine abuna ýazylmaga mejbur edilýändikleri barada aýdylýar.

“Men her ýyl mugallymlar üçin neşir edilýän “Mugallymlar gazetine” hökman ýazylaýmaly. Galan üç sany gazeti öz islegim boýunça saýlap bilýärin” diýip, Aýnabat gürrüň berýär.

Studentleriň hem mejbury abuna ýazylmaly bolýandygyny ýokary okuw jaýynyň studenti Hemra aýdýar. Onuň aýtmagyna görä, studentler esasan “Nesil” gazetine abuna ýazylmaga mejbur edilýärler.

“Diňe bir studentlerden ýaşlara däl, eýsem döwlet edaralarynda işleýän ýaşlardan we Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň agzalaryndan hem bu gazete ýazylmagy talap edýärler” diýip, Hemra gürrüň berdi.

Häzir ýurtda 26 sany gazet çap edilýär. Neşir edilýän žurnallaryň sany bolsa 15-den geçdi. Bu gazet-žurnallaryň ählisi diýen ýaly döwlete degişli. Gazet-žurnallaryň aglabasynyň birinji sahypalarynda şol neşirleriň “Howandary Türkmenistanyň prezidenti” diýen ýazgy bar.

Türkmenistanda neşir edilýän Türkiýäniň “Zaman-Türkmenistan” gazeti, “Habarlar” we “Rysgal” gazetleri ýurtda döwlete degişli bolmadyk gazetlerdir. Emma, şol gazetleriň biriniň işgäriniň aýtmagyna görä, bu gazetlere hem döwletiň gözegçiligi edil döwlet gazetlerindäki ýaly ýola goýlandyr.

Daşary ýurt metbugaty

Türkmenistanlylaryň daşary ýurt gazet-žurnallaryna ýazylmaga mümkinçilikleri ýok, olar ony diňe internet arkaly okap bilýärler. Daşary ýurt metbugatyna Türkmenistanyň prezidentiniň ýörite karary esasynda döwlet edaralarydyr-guramalary abuna ýazylyp bilýärler.

Ýöne, muňa garamazdan, ýönekeý raýatlar daşary ýurt gazet-žurnallarynyň käbirlerini merkezi kitaphanalarda okap bilýärler. Meselem, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň kitaphanasynda käbir ylmy we ylmy-populýar daşary ýurt žurnallary bar. Bu kitaphananyň işgärleriniň aýtmaklaryna görä, bu žurnallar kitaphana abuna boýunça gelýär.

Türkmenistanyň milli kitaphanasynda hem käbir daşary ýurt gazet-žurnallary bar. Okyjylar “National Geografic”, “The Guardian”, “Newsweek” ýaly daşary ýurt neşirlerini bu kitaphananyň daşary ýurt dillerindäki neşirler bölüminde okap bilýärler. Emma kitaphananyň işgärleriniň aýtmaklaryna görä, bu neşirler kitaphana abuna boýunça gelmeýär.

“Kitaphanamyzdaky daşary ýurt gazet-žurnallarynyň ählisi ilçihanalaryň sowgat beren neşirleri. Ol neşirlere abuna ýazylmaga rugsat bermeýärler. Ýogsam, käbir daşary ýurt guramalary öz hasaplaryna kitaphanany daşary ýurt neşirlerine abuna ýazmagy teklip hem edipdiler” diýip, milli kitaphananyň adynyň efirde tutulmagyny islemedik işgäri aýtdy.

Türkmenistanlylarda daşary ýurt gazet-žurnallaryna abuna ýazylmaga mümkinçilikleri bolmasa-da, bu hili neşirleriň käbirleri bazarlarda hem satylýar. Ýöne, köplenç halatda, bazarda satylýan daşary ýurt gazet-žurnallaryň neşir edilen senesi köne bolýar.
XS
SM
MD
LG