Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Harby we kanun goraýjy organlar 11 aýyň jemini jemlediler


Şenbe güni Aşgabadyň eteginde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme maslahaty geçirilip, onda harby we kanun goraýjy organlaryň geçen 11 aýdaky işleriniň jemi jemlenildi. Bu maslahat Aşgabadyň etegindäki Kasamly jülge diýen ýerde geçirildi.

Maslahatda Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň düzümine girýän ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary geçen 11 aýyň dowamynda öz dolandyrýan pudaklarynda edilen işleriň jemleri barada hasabat bilen çykyş etdiler.

Şu maslahatyň barşynda-da prezident G.Berdimuhamedow ýurduň adalat ministri M.Garryýewi “başga işe geçýändigi” diýen esasda wezipesinden boşadyp, onuň ornuna B.Çaryýewi belledi. B.Çaryýewiň terjimehaly barada resmi mediada jikme-jik maglumatlar berilmeýär.
XS
SM
MD
LG