Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistan: AÝ/AR-nyň Täjik gullugynyň petiklenen websaýty açyldy


Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Täjik gullugynyň petiklenen websaýtyna Täjigistanda indi girip bolýar.

Ozodi Radiosynyň websaýty penşenbe güni täjik häkimiýetleriniň talaby boýunça petiklenipdi.

Täjigistanyň Döwlet aragatnaşyk gullugynyň anna güni aýtmagyna görä, saýtyň petiklenmegi “raýatlardan gelen şikaýatlardan” soň amala aşyrylypdyr.
Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň prezidenti Stiwen Korn muny “senzura" diýip atlandyrdy.

Täjigistanyň Internet hyzmatyny hödürleýän gulluklarynyň assosiasiýasynyň başlygy Asomuddin Atoew duşenbe güni AÝ/AR-na aýtmagyna görä, internet hyzmatyny hödürleýän esasy gulluklar şenbe güni Aragatnaşyk gullugyndan bu saýty täzeden açmak barada SMS arkaly görkezme alypdyrlar.

Saýty açmak barada görkezme Ozodi Radiosynyň websaýtynyň we “Facebook” sosial ulgamynyň petiklenendigi barada ABŞ-nyň Duşenbedäki ilçihanasynyň bildiren aladasyndan soň berildi.

“Facebook” 27-nji noýabrda petiklendi we häzire çenli bu saýta girip bolmaýar.
XS
SM
MD
LG