Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýäniň iň garry adamy 116 ýaşynda ýogaldy


Dünýäniň iň garry adamy hasaplanýan 116 ýaşly zenan, ABŞ-nyň Jorjiýa ştatynda ýogaldy. Onuň ogly Bessi Kuper, ejesiniň sişenbe güni Atlanta şäheriniň gündogaryndaky Monreo şäheriniň garrylar öýünde aradan çykandygyny aýtdy.

Ginnesiň rekordlar kitabynyň aýtmagyna görä, dokumentler Kuperiň 1896-njy ýylyň 26-njy awgustynda Tenessada dogulandygyny görkezýär.

Maglumata görä, onuň dört çagasy, 12 sany hem agtygy bar eken.

Kuper ýogalandan soň, “Dünýäniň iň garry adamy” tituly, häzirki wagtda ABŞ-nyň Iowa ştatynda ýaşaýan, asly italiýaly 115 ýaşly Dina Manfredinä berilipdir.
XS
SM
MD
LG