Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistany Watan edinen nemesler


Mekdep okuwçylary. Türkmenistan
Mekdep okuwçylary. Türkmenistan
Ýelena Gerber Türkmenistanda ýaşaýan nemesleriň biri. Ol paýtagtyň ýörite orta mekdepleriniň birinde mugallym bolup işleýär. 48 ýaşly iňlis dili mugallymy Ýelenanyň atasy we enesi Staliniň Sibire sürgün eden nemesleriniň neslinden.

1941-njy ýylda Sowet Soýuzynda ýaşaýan nemesleriň Powolžýedäki awtonom respublikalary ýatyrylyp, olar Sibire, Gazagystana we Orta Aziýa sürgün edilipdirler.

“Atam bilen enem Omskdaky iş lagerleriniň birinde bolupdyrlar. Olaryň 6 sany çagasy bolupdyr. Atam we enem Sibirde ýogalypdyrlar. Meniň kakam bolsa sürgünlikden soň, 50-nji ýyllarda Türkmenistana göçüp gelipdir” diýip, Ýelena Gerber öz maşgalasynyň taryhyny ýatlaýar.

Taryh

Nemesler Türkmenistanda 1917-nji ýylyň rewolýusiýasyndan öň hem ýaşaýan ekenler. Ýöne, häzirki Türkmenistandaky nemesleriň köpüsi 30-40-njy ýyllarda Powolžýeden göçürilenleriň nesilleri.

Ýelenanyň aýtmagyna görä, Maryda, Baýramalyda, Ýolötende, Saragtda nemesleriň köpsanly diaspora toparlary ýaşaýan eken. Sowet döwründe Änewde we Kakada nemesleriň aýratyn bir posýolak bolup ýaşan ýerleri hem bolupdyr.

Nemesiň işe gelýän wagty bilen sagadyň näçe bolandygyny kesgitläp bolýardy
Kakadurdy aga
Resmi maglumatlara görä, 1989-njy ýylda Türkmenistanda 4,5 müňe golaý nemes ýaşapdyr. Häzir ýurtda ýaşaýan nemesleriň sany barada maglumatlar ýok.

Emma, 90-njy ýyllaryň başlarynda olaryň uly bir bölegi biziň ýurdumyzdan göçüpdirler.

Ýurtdan göçen nemesleriň köpüsi Germaniýanyň nemesleri taryhy watanlaryna göçürmek boýunça ýörite programmasyna laýyklykda Germaniýa göçüp gidipdirler. Emma nemesleriň ählisi diňe Germaniýa göçmändirler.

“Käbirleri Orsýete, käbirleri Gazagystana göçdüler. Häzir ýurtda ýaşaýan nemesler örän az” diýip, Ýelena aýdýar.

Türkmenistandan göçmedik nemesler

Mary welaýatynda ýaşaýan nemesleriň arasynda arassa türkmen dilinde gepleýänleriň hem-de türkmen durmuşyna uýgunlaşanlarynyň hem bardygy aýdýylýar. Nemes gyzlaryna öýlenip, maşgala guran türkmenler ham az däl.

Şol töwereklerde “Odunly boljak bolsaň, gazaga öýlen, jaýyňy remont etdirjek bolsaň nemese öýlen” diýen degişme gürrüň hem bar eken. Ýöne, muňa garamazdan, ýurtdaky beýleki milli azlyklar ýaly nemesleriň hem aglabasy ors dilinde gepleýärler.

“Nemesleriň ýaşuly nesliniň köpüsi nemes dilini bilýär. Emma nemesleriň ýaş nesli öz ene dillerini bilmeýärler” diýip, Ýelena Gerber gürrüň berýär. Ýelenadan tapawutlylykda onuň ogly we gyzy nemes dilini bilmeýärler.

Ýurtda ýaşaýan nemesler hem nemes milletine mahsus bolan punktuallyk, tertiplilik, işeňňirlik, dogruçyllyk ýaly milli häsiýetleri bilen meşhur. “Nemesiň işe gelýän wagty bilen sagadyň näçe bolandygyny kesgitläp bolýardy” diýip, Aşgabatdaky awtotransport kärhanasynda garawul bolup işlän 65 ýaşly pensioner Kakadurdy aga gürrüň berýär.

Kesp-kärleri

Nemesleriň ussaçylygy bolsa ýurtda aýratyn meşhurlyga eýe. “Biziň kärhanamyzda bir nemes slesar bardy. Şäher boýunça meşhurdy. Şofýorlaryň köpüsi şoňa işini etdirjek bolardy” diýip, Kakadurdy aga aýtdy. Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynda ýaşan nemesleriň ýasan arabalaryny şol ýeriň ýaşululary häzirem ýatlap ýörler.

Aşgabatdaky katolik ybadathanasy
Aşgabatdaky katolik ybadathanasy
Nemesler esasan halk hojalygynyň bilim, lukmançylyk, senagat, ulag we aragatnaşyk pudaklarynda zähmet çekýärler. Nemesleriň öz saýlap alan hünärleri boýunça ökde spesialistler hökmünde tanalýandyklaryna garamazdan, Ýelenanyň aýtmagyna görä, ýokary ýolbaşçylyk wezipeleri eýelän nemesler örän az bolupdyr.

“Häzir olar asla ýok. Sowet döwründen bäri dowam edýän çäklendirmeler sebäpli nemesler ýokary wezipeleri eýeläp bilmeýärler. Sowet döwründe nemeslere ýokary wezipeler ynanylmaýardy. Emma, şol döwürde edara-kärhanalaryň orta gürpdäki ýolbaşçylary bolan nemesler az däldi” diýip, Ýelena Gerber gürrüň berýär.

Onuň aýtmagyna görä, şol sebäpden käbir nemesler ýokary wezipeleri eýelemek üçin öz pasportlarynda milleti diýen grafada ors diýen belligi goýmaga mejbur bolupdyrlar. Ýöne, muňa garamazdan, nemesleriň köpüsi öz milli degişliligini gizlemändirler.

Hristiançylygyň katolik akymyna uýýan nemesler bu diniň däp-dessurlaryny berjaý edýärler. Ylaýta-da Türkmenistandaky nemesler “Waýnahte” ýa-da katolik roždestwo baýramçylygyny uly höwes bilen belleýärler.

Paýtagtda katolik ybadathanasy hem bar. Ol Aşgabadyň Teke bazarynyň golaýynda ýerleşýär. Hususy tipli ýaşaýyş jaýyndaky bu ybadathana nemeslerden başga ýurtda ýaşaýan polýaklar hem barýarlar.

“4-5 ýyl mundan ozal paýtagtda ýaşaýan nemesler bolup üýşüp, roždestwony, pasha baýramyny belleýärdik. Nemes ilçihanasy hem her ýyl bu baýramçylylyklarda ýaş nemesleri üýşürip, lagerler gurnaýardy. Emma häzir beýle üýşmeleňler bolmaýar” diýip, Ýelena Gerber aýtdy.
XS
SM
MD
LG