Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Damaskdaky bosgunlar lagerine hüjüm edilendigi aýdylýar


Ýekşenbe güni siriýaly aktiwistler Siriýanyň harby uçarlarynyň palestinalylaryň Damaskdaky bosgunlar lagerine azyndan iki sany raketa okuny atandygyny habar berdiler.

Munuň özi Siriýanyň hökümet güýçleriniň palestinalylaryň bosgunlar lagerine ilkinji gezek hüjüm etmesidir.

Düýbi Londonda ýerleşýän we Siriýadaky ynsan hukuklary boýunça iş alyp barýan guramanyň ýerli aktiwistleriň sözlerine salgylanyp berýän maglumatyna görä, bu howa hüjümlerinde azyndan 8 sany parahat ýaşaýjy ölüpdir.

Bu gürrüňi edilýän bosgunlar lageri Damaskyň günorta eteginde ýerleşýär. Soňky günler Siriýanyň hökümet güýçleri paýtagt Damaskda hereket edýän oppozision ýaragly söweşijileri paýtagtdan çykarmak ugrunda güýçli söweş operasiýalaryny alyp barýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG