Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda hüjümçiler bir harby baza hüjüm etdiler


Iki motosikletli hüjümçi, Pakistanyň Haýber Pahtunhwa welaýatyndaky harby bazanyň esasy gapysyna el granatlaryny zyňdylar. Amala aşyrylan şol hüjümde azyndan 10 adam ýaralandy.

Sişenbe güni, Risalpur şäherinde bolan bu hüjümde adaty raýatlar we bir howpsuzlyk işgäri ýaralandy. Bu barada polisiýa ofiseri Gulam Muhammet habar berýär.

Häzire çenli bu wakanyň jogapkärçiligini boýnuna alan bolmady. Bu sebitde soňky günler gazaplylygyň artýandygyna meňzeýär.

Ýekşenbe güni, şol welaýatda howa bazasyna amala aşyrylan hüjümde dört adam ölüpdi. Duşenbe güni hem, Jamrud şäheriniň demirgazyk-günbataryndaky bazara ulagly bomba hüjümi amala aşyrylypdy.

Şol şäherdäki lukman Sohail Ahmediň “Frans Pres” habar agentligine beren maglumatyna görä, öten gije alan ýaralary sebäpli dört adam ölüpdir. Munuň netijesinde, bomba partlamasynda ölenleriň sany 21-e ýetdi.
XS
SM
MD
LG