Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Meksika: 17 adam türmeden gaçmak synanşygynda öldürildi


Meksikada 11 tussag, alty sany hem garawul, jemi 17 adam öldi. Bu waka, tussaglar türmeden gaçmak synanşygynda bolup geçdi. Bu barada Meksikanyň resmileri habar berýär.

Bu gazaplylyk sişenbe güni Gomez Palasio şäherinde ýüz beripdir. Bu barada demirgazykdaky Durango ştatynyň howpsuzlyk resmisi habar berýär.

Maglumatlara görä, tussaglar ýarag alyp, garawullara ok atypdyrlar. Garawullar hem olara gaýtawul beripdirler.

Tussaghananyň tertip-düzgüniniň dikeldilmegi üçin harby güýçlere tabşyryk berilipdir. Bu barada ýurduň resmileri habar berýär.

Meksikada köpçülikleýin türme böwüsmeleri soňky ýyllarda ýygy-ýygydan bolýan waka öwrüldi.
XS
SM
MD
LG