Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ysraýyl: Netanýahu resmi saýlaw kampaniýasyna başlady


Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu resmi ýagdaýda saýlaw kampaniýasyna başlady. Ol özüni Ysraýyly Eýranyň ýadro programmasyndan goramaga iň ukyply dalaşgär atlandyrdy.

Netanýahu sişenbe güni eden çykyşynda, Eýranyň öz ýadro programmasyny ösdürmäge dowam edýändigini aýtdy. Şeýle-de ol Ysraýyla garşy çykýan “Hizbullah” hem-de HAMAS toparlarynyň howpundan we Ýakyn Gündogardaky durnuksyzlykdan aladalanýandygyny aýtdy.

Eýran özüniň ýadro programmasyna duwlanyp, ýadro ýaragyny özleşdirýändigi barada Ysraýylyň we Günbataryň bildirýän aýyplamalaryny ret edýär.

Halkyň arasynda geçirilen pikir soralyşyga görä, Netanýahunyň “Likud” partiýasy geçiriljek saýlawlarda üstünlik gazanjaga meňzeýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG