Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: Polisiýa işgäri talybanlaryň hüjümine ýardam berdi


Owganystanyň hökümet resmileri penşenbe güni daňdanlar Uruzgan welaýatynda azyndan üç sany polisiýa işgäriniň talybanlar tarapyndan öldürilmegine ýerli bir polisiýa işgäriniň ýardam berendigini aýdýarlar.

Welaýatyň polisiýa bölüminiň metbugat sekretary Farid Ahmad Aýil bu welaýatyň Tarin Kot şäherinde bolan bu wakada talybanlara raýdaşlyk bildirýän bir polisiýa işgäriniň öz kärdeşleriniň uklap ýatan pursady talyban söweşijilerini şol ýerdäki polisiýa punktuna alyp barandygyny aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, talybanlara ýardam beren bu polisiýa işgäri bu wakanyň yzy bilen talybanlar bilen bilelikde sumat bolupdyr.

Owganystanyň harby we polisiýa bölümlerinde birek-birege garşy edilýän içerki hüjümler soňky wagtlar alada döredýän howpsuzlyk meselelerinden biri bolmagynda galýar.
XS
SM
MD
LG