Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şweýsariýa: Ýaragly adamyň ok atyşygyndan soň üç adam öldi


Şweýsariýada ýaragly adamyň ot açmagy netijesinde, üç adam öldi, ikisi hem ýaralandy. Bu barada ýurduň polisiýasy habar berýär.

Polisiýanyň aýtmagyna görä, bu waka çarşenbe güni giçlik Daillon obasynyň günortasynda ýüze çykypdyr.

Şol çaknyşykda ýaragly adama gaýtawul beren polisiýa işgärleri ony ýaralapdyrlar, ondan soň hem ol keselhana äkidilipdir.

30 ýaş töweregindäki şol adamyň köp alkogol içgi içendigi aýdylýar. Onuň näme sebäpden ok atandygy barada häzirlikçe hiç hili maglumat berilmedi.
XS
SM
MD
LG