Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan Eýrana bugdaýy eksport etjekdigini aýdýar


Fewral aýynyň başynda Pakistan 100 müň tonna bugdaýy Eýrana eksport eder. Pakistanyň galla önümlerini eksport edýän “Seatrade Group” toparynyň bugdaýy ýanwar aýynyň soňuna ýa-da fewral aýynyň başyna gämi bilen ugratmagyna garaşylýar. Bu barada ýekşenbe maglumat berildi.

Ýöne kärhana iberilmegi planlaşdyrylan bugdaýyň diňe 10-dan bir bölegini ugratjakdygyny belleýär.

“Seatrade Group” toparynyň adyny belli etmedik direktory “geçen awgustda ylalaşylan 1 million tonna bugdaýy satyn almaga Eýranyň hökümetiniň puly ýok bolmagy mümkin” diýýär.

“Seatrade Group” kompaniýasynyň gelnen ylalaşyklara salgylanyp aýtmagyna görä, Eýran tarapy bugdaýyň deregine polat we dökün bilen hasaplaşar.

Pakistanyň bugdaýy eksport edýän kompaniýasy, galan 900 müň tonna bugdaý hakynda gepleşikleriň dowam edýändigini we onuň hususy bazaryň üsti bilen satylmagynyň mümkindigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG