Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ženewada Siriýa meselesi boýunça üçtaraplaýyn gepleşik geçirilýär


Anna güni BMG-niň Siriýa boýunça ýörite wekili Lahdar Brahimi Ženewada Birleşen Ştatlaryň we Orsýetiň diplomatlary bilen Siriýadaky krizis boýunça gepleşik geçirmekligi planlaşdyrýar.

Bu gepleşiklerde taraplar Siriýadaky harby we syýasy konfliktlere çözgüt tapmakda ortak bir ylalaşyga gelmek üçin çalşarlar diýlip garaşylýar.

Siriýadaky konfliktlere çözgüt tapmakda Birleşen Ştatlar bilen Orsýetiň tutýan pozisiýasynda henizem uly tapawutlar bar.

Bu wakanyň öňýany, anna güni irden Siriýanyň hökümeti Lahdar Brahimini Siriýanyň režimine garşy tarapgöý hereket etmekde aýyplap, ony tankyt etdi.
XS
SM
MD
LG