Çarşenbe güni prezident G.Berdimuhamedow Aşgabatda Ukrainanyň daşary işler ministri Leonid Kožarany kabul etdi.
Bu gepleşikde taraplar Türkmenistan bilen Ukrainanyň hyzmatdaşlyklarynyň dürli ugurlary barada pikir alyşdylar.
Berdimuhamedow bilen Kožaranyň iki ýurduň hyzmatdaşlyklarynyň oňyn terzde ösýändigini nygtandyklary habar berilýär.
Leonid Kožarynyň bu saparyna Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň Türkmenistana etjek saparyna görülýän taýýarlyklaryň çäklerinde gurnalan sapar hökmünde baha berilýär.
Türkmenistanyň resmi mediasynyň maglumatyna görä, prezident Ýanukowiç geljek aý Türkmenistana resmi sapar eder.