Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Harbylar we kanun goraýjylar hasabat berdiler


Anna güni prezident G.Berdimuhamedow harby we kanun goraýjy organlaryň geçen ýylky işleriniň jemlerine bagyşlap Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň maslahatyny geçirdi.

Goranmak ministrliginiň raýat goragy we halas ediş işleri boýunça baş uprawleniýesiniň binasynda gurnalan bu göçme maslahatda ýurduň harby we kanun goraýjy organlarynyň ýolbaşçylary 2012-nji ýylda öz pudaklarynda edilen işleriň jemleri boýunça hasabat bilen çykyş etdiler.

Şu maslahatyň barşynda-da, prezident G.Berdimuhamedow Türkmenistanyň goranmak ministri, polkownik Begenç Gündogdyýewe general-maýor çinini bermek baradaky karara gol çekdi.

Mundan daşary, ol käbir harby we kanun goraýjy organlaryň düzüminde kadrlar çalşyrylyşygyny-da amala aşyrdy.

Bu maslahat Türkmenistanyň harby güýçleriniň gününiň öňýanynda gurnaldy. 27-nji ýanwarda Türkmenistan öz milli harby güýçleriniň döredilmeginiň 21 ýyllygyny belläp geçýär.
XS
SM
MD
LG