Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Pakistanda poliomielit waksinasiýasyny edýän topara hüjüm edildi


Pakistanyň demirgazygynda ýaragly adamlaryň poliomielit waksinasyny edýän işgärlere garşy ot açmagy netijesinde, toparyň howpsuzlygyny üpjün edýän bir polisiýa işgäri öldi.

Bu waka sişenbe güni Haýber Puhtunhwa welaýatynyň Kala obasynda amala aşyryldy.

Polisiýanyň aýtmagyna görä, poliomielit waksinasiýasyny amala aşyrýan topardan iki adam, howpsuzlyk güýçleri bilen bilelikde çagalara sanjym etmek üçin öýlere aýlanýan mahaly, olara üç ýaragly adam hüjüm edipdir.

Häzire çenli bu hüjümiň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady. Soňky bir aýyň dowamynda Pakistanda poliomielit waksinasiýasy bilen baglanyşykly amala aşyrylan hüjümlerde azyndan dokuz adam öldürildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG