Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistan: Prezidentlige dalaşgär atylyp ýaralandy


Penşenbe güni agşam Ermenistanyň prezidentligine kandidat Paruýr Haýrikýanyň janyna kast etmek synanyşygy amala aşyryldy.

Ol penşenbe güni giçlik Ýerewandaky öýüniň ýanynda näbelli adam tarapyndan atylyp ýaralandy.

Ermenistanyň Saglyk ministrliginiň metbugat sekretary Anaýit Aýtaýan 63 ýaşly prezidentlige dalaşgär Paruýr Haýrikýanyň alan ýarasynyň onuň janyna howp salmaýandygyny aýtdy.

Jenap Haýrikýan Ermenistanda 18-nji fewralda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär hökmünde hasaba alnan sekiz kandidatdan biri. Onuň indi bu saýlawlara gatnaşyp biljekdigi ýa bilmejekdigi barada edil häzirki wagt belli bir zat aýdylmaýar.
XS
SM
MD
LG