Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: Polisiýa alty adamy terrorda güman edip tussag etdi


Owgan polisiýasy alty adamy janyndan geçen terrorçynyň kast ediş hüjümlerini planlaşdyrmakda gümanlap, tussag edendigini aýdýar.

Kabul polisiýasynyň başlygynyň orunbasary, general Mohammad Daoud Amin Azatlyk radiosynyň owgan gullugyna beren gürrüňinde ýekşenbe güni Kabulda geçirilen reýdde tussag edilen adamlaryň ýanyndan janyndan geçenleriň kast ediş hüjüminde ulanylyp biljek 6 keltekçäniň, 50 granatyň we bir topar tüpeňiň çykandygyny aýtdy.

Emma ol bu adamlaryň niräni nyşana alandygynyň entek belli däldigini hem sözüne goşdy.

Tutulan adamlaryň şahsyýetlerini anyklamak üçin derňew geçirilýär.
XS
SM
MD
LG