Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Curiosity” robot-maşyny Marsda burawlaýyş işini geçirdi


Mars planetasynda ylmy barlag işlerini geçirýän “Curiosity” robot-maşyny bu planetanyň topragynda ilkinji burawlaýyş işini geçirdi.

Birleşen Ştatlaryň NASA kosmos agentligi bu robot-maşynyň gazyp alan topragynyň näderejede mikrobiologik ýaşaýyş üçin ýaramlydygyny anyklamak boýunça ylmy barlaglaryň geçiriljekdigini aýdýar.

NASA agentliginiň baş ylmy işgärlerinden biri Jon Grunsfild geçen ýylyň awgustynda “Curiosity” robot-maşynynyň bu planeta gonaly bäri häzirki burawlaýyş işiniň iň bir üstünlikli işlerden biri bolandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG