Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bahreýnde 2011-nji ýyldan bäri ilkinji ýaraşyk gepleşikleri boldy


Bahreýniň hökümeti bilen oppozisiýa wekilleriniň arasynda ýaraşyk gepleşikleriniň täze tapgyry başlandy.

Şeýle duşuşyk 2011-nji ýyldan bäri ilkinji gezek geçýär. Bu gepleşikler ýekşenbe güni başlandy we onuň indiki tapgyry çarşenbe gününe bellendi.

Gepleşikler ýurduň sünni musulman dolandyryjylary bilen esasan şaýy azlygyndan durýan oppozisiýanyň arasyndaky konflikti çözmegi maksat edinýär.

Şaýylar Günbatar goldawyndaky monarhiýanyň häkimiýete monopoliýasyny bes edip, saýlanan hökümete ygtyýar bermegini we şaýylaryň ýokary derejeli wezipelere bellenmegini isleýärler.

Kiçijik aýlak patyşalygy 2011-nji ýylda turan "Arap ýazy" gozgalaňlaryňdan bäri oppozisiýanyň köpçülikleýin protestlerine gaplandy.

Bu protestler howpsuzlyk güýçleri tarapyndan basylyp ýatyryldy. Emma demonstrasiýaçylar özgerişlik talaplaryny dowam etdirdiler.

Bahreýnde Birleşen Ştatlaryň bäşinji floty ýerleşýär.
XS
SM
MD
LG