Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Ýaryşlaryň mejbury tomaşaçylary


Çagalar ulularyň gözegçiliginde sport ýaryşyna tomaşa edýärler.
Çagalar ulularyň gözegçiliginde sport ýaryşyna tomaşa edýärler.
Hokkeý boýunça Türkmenistanyň prezidentiniň kubogy ugrundaky halkara ýaryşynyň 11-nji fewralda badalga berlen ilkinji duşuşygynyň janköýerleriniň şowhuny ýetik. Bu janköýerleri tapawutlandyrýan zat - olaryň uly böleginiň 8-14 ýaş aralygyndaky çagalardygy.

Buýruk

Buzly hokkeý sporty güneşli Türkmenistan üçin sportuň adaty bolmadyk görnüşlerinden biri. Onuň bilen gyzyklanýanlaryň sany juda çäkli. Bu çäkli janköýerleriň arasynda ýetginjek ýaşyna ýetmedik çagalaryň agdyklyk edýändigi barada hiç hili maglumat ýok.

Hokkeý ýaryşyndaky tomaşaçylaryň biri
Hokkeý ýaryşyndaky tomaşaçylaryň biri
11-nji fewralda geçirilen duşuşygyň tomaşaçylarynyň geýen sport egin-eşiginden çen tutulsa, olaryň ählisi diýen ýaly Aşgabatdaky ýaş olimpiadaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň okuwçylary. Olaryň aglabasy bu ýaryşa öz islegleri bilen däl, buýruk esasynda eltilipdir.

Ýaş boksçy Anna hem şolardan biri. “Maňa trenerim bu gün türgenleşik bolmaz. Hokkeýe gel diýip aýtdy. Men hokkeýi gowy görýän. Ýöne şu wagt ýaryşa gelesim gelenok” diýip, Anna Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Ýaş tomaşaçylar diňe buýruk esasynda eltilmän, olaryň haýsy komanda janköýerlik etmelidigi, haçan näme diýmelidigi, nähili şygarlary gygyrmalydygy hem “janköýerlere” ýolbaşçylyk edýän trenerler tarapyndan kesgitlenýär. Olaryň bu gün janköýerlik etmeli komandasy bolsa “Oguzhan”.

Eli baýdakly çagalaryň tarapyny tutmaly komanda başardygyndan janköýerlik edýändiklerine garamazdan, olar trenerleriniň talabyny ödäp bilmeýärler. Şonuň üçin trenerleri aram-aram “plany baýdagy galgat!”, “Oguzhan diýip gygyr!” diýen ýaly buýruklary berýärler.

Trenerler “plany baýdagy galgat!” buýruklaryny berýärler
Trenerler “plany baýdagy galgat!” buýruklaryny berýärler
Bu hokkeý duşuşygyndaky ýagdaý ýurtda geçirilýän sport ýaryşlarynyň köpüsine mahsus. Sebäbi ýurtda geçirilýän sport ýaryşlarynyň köpüsine edil şu ýaşdaky çagalar eltilýär. Eltilen ýerlerinde olar özlerini trenerleriniň ýa-da mugallymlarynyň buýruklaryna görä alyp barmaly bolýarlar.

Aşgabatda ýerleşýän ýaş olimpiadaçylary taýarlaýan mekdebiň trenerleriniň biriniň aýtmagyna görä, bu ýagdaý sportuň hakyky tomaşaçysy bolmansoň edilýär. Emeli çaga janköýerler bolsa, esasan, orta mekdepler tarapyndan üpjün edilýär.

Aşgabatda ýerleşýän ýaş olimpiadaçylary taýarlaýan mekdebiň adynyň agzalmagyny islemedik bir mugalymynyň aýtmagyna görä, bu mekdebiň açylany bäri onuň okuwçylary sport ýaryşlarynyň köpüsiniň mejbury tomaşaçylary.

Ol Azatlyk Radiosyna bu hakda şeýle gürrüň berdi: “Okuwçylar sport ýaryşlarynyň köpüsine mejbury tomaşaçylar hökmünde alnyp gidilýär. Maksat olary telewideniýä düşürip, hakyky çäre hökmünde görkezmek”.

Diňe bu mekdebiň däl, beýleki mekdepleriň okuwçylarynyň hem-de ýokary okuw jaýlarynyň studentleriniň mejbury tomaşaçy hökmünde sport ýaryşlaryna alnyp gidilýän halatlary az bolmaýar.

Futbol ýaryşyna tomaşa edýän mekdep okuwçylary
Futbol ýaryşyna tomaşa edýän mekdep okuwçylary
Meselem, geçen ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň prezidentiniň kubogyny almak ugrundaky futbol boýunça halkara ýaryşyň finalyndaky tomaşaçylaryň arasynda hem mejbury janköýerler agdyklyk edýärdi.

Aşgabatdaky orta mekdepleriň biriniň mugallymy Aýgözeliň aýtmagyna görä, soňky döwürlerde sport ýaryşlarynyň sany artýar. Aýgözeliň özi sport ýaryşlary bilen o diýen gyzyklanmaýan-da bolsa, ol munuň şeýledigini mejbury tomaşaçylykdan bilýär.

“Şu ýylyň başynda hem buzda taýmak boýunça ýaryş geçirildi. Şoňa öz ýolbaşçylyk edýän klasymy äkitdim. Sapaklardan soň çagalar aç. Olary ýerlerinde zordan oturdýaň” diýip, Aşgabadyň orta mekdebiniň mugallymy Aýgözel Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Hokkeý boýunça Türkmenistanyň prezidentiniň kubogyny almak ugrundaky 11-nji fewralda badalga berlen halkara ýaryş 17-nji fewrala çenli dowam eder. Bu ýaryşyň dowamynda jemi 18 duşuşyk geçiriler. Bu duşuşyklaryň ählisinde hem mejbury ýaş janköýerleriň gatnaşdyrylmagynyň dowam etdiriljekdigine garaşsa bolar.
XS
SM
MD
LG