Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Siriýa harby tehnika bermegini dowam etdirjegini aýdýar


Çarşenbe güni Orsýetiň ýarag eksport ediji “Rosoboroneksport” döwlet kompaniýasy özüniň Siriýa ýarag eksport etmegini dowam etdirýändigini we muny togtatmak niýetiniň ýokdugyny mälim etdi.

Çarşenbe günki geçirilen metbugat konferensiýasynda bu barada eden çykyşynda “Rosoboroneksport” kompaniýasynyň direktory Anatoliý Isaýkin Orsýetiň Siriýa uçarlar ýa wertolýotlar ýaly enjamlary däl-de, howa goranyş raketa sistemasy ýaly goranyş tehnikalaryny eksportirleýändigini aýtdy.

Şeýle hem, ol Siriýa eksport edilýän bu harby tehnikalaryň halkara kanunçylygyna ýa-da BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň rezolýusiýalaryna garşy gelýän tehnikalar däldigini nygtady.

Bu wakanyň fonunda Birleşen Milletler Guramasy Siriýada indi iki ýyl bäri dowam edýän konfliktleriň barşynda 70 müň töweregi adamyň öldürilendigini belläp, beýanat ýaýratdy.
XS
SM
MD
LG