Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak: “Al-Kaýdaçy” topar partlama eýe çykýar


Bomba partlamasynyň amala aşyrylan ýeri. 17-nji fewral, 2013 ý.
Bomba partlamasynyň amala aşyrylan ýeri. 17-nji fewral, 2013 ý.
“Al-Kaýda” bilen ilteşigi bolan bir topar Bagdadyň şaýy sebitlerinde amala aşyrylan bomba partlamalarynyň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

“Yragyň yslam döwleti” atly toparyň bu baradaky beýanaty eskstremistiki internet saýtynda çap edildi. Onda bu hüjümleriň “şaýy hökümetiň sünni musulmanlara garşy adalatsyzlygy üçin ar alyş hökmünde edilendigi” bellenilýär.

Partlamalarda azyndan 28 adam ölüp, 100-e golaýy hem ýaralanypdy.

Ýanwardan bäri Yrakda janyndan geçen hüjümçileriň azyndan 10 hüjümi amala aşyrylypdy.
XS
SM
MD
LG