Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Damaskyň golaýynda 20 adam öldürildi


Siriýaly aktiwistler paýtagt Damaskyň golaýyna urlan howa zarbasynda azyndan 20 adamyň ölendigini aýdýarlar.

Siriýanyň Britaniýada ýerleşýän hukuk goraýjy topary çarşenbe güni paýtagtyň etegindäki Hamouriýä urlan zarbada ölen beýleki adamlaryň harabanyň aşagynda galan bolmagynyň ahmaldygyny aýdýar.

Başga bir aktiwist topary, Ýerli utgaşdyryş komiteti bolsa, bu zarbada ölenleriň sany 35 diýýär we ýaraly bolanlaryň hem kändigini aýdýar.

Şeýle-de aktiwistler, çarşenbe güni Damaskyň golýyndaky gozalaň toparynyň merkezine urlan raketa zarbysynda topar ýolbaşçysynyň ýaralanandygyny aýdýarlar.

Döwlet mediasy paýtagtyň merkezindäki stadiona gelip uran minomýot okunyň bir futbolçyny ýaralandygyny habar berýär.

BMG geçen ýylyň martyndan bäri Siriýada prezident Başar al-Asada garşy barýan gozgalaňda 70 müň çemesi adamyň öldürilendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG