Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ilçi çaga ölümini ulanmazlyga çagyrýar


Maks Şatto (Maksim Kuzmin).
Maks Şatto (Maksim Kuzmin).
Birleşen Ştatlaryň Orsýetdäki ilçisi amerikan maşgalasy tarapyndan ogullyga alnan çaganyň ölümini görülmedik derejede ulanmagy bes etmäge çagyrdy.

Geçen hepde ors resmileri we kanun çykaryjylary 3 ýaşly Maks Şattonyň, ors ady Maksim Kuzmin, öz eneligi tarapyndan Tehasda öldürilendigini öňe sürdiler.

Birleşen Ştatlaryň ilçisi Maýkl Makfol öz blogunda amerikanlaryň ors mediýasynda ýaramaz suratlandyrylyşyndan bimaza bolandygyny aýtdy. Ol amerikan häkimiýetleriniň entek o çaganyň ölüminiň sebäbini kesgitlemändigini, bu işiň berk derňelýändigini aýtdy.

Bu meseläniň indiki hepde Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerriniň duşuşygynda hem ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG