Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karzaý ABŞ-nyň güýçlerini çykarýar


Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý ýurduň Goranmak ministrligine Wardak welaýatyndaky ABŞ-nyň ýörite güýçlerini iki hepdäniň içinde çykarmaklyga görkezme berdi.

Prezidentiň metbugat wekili Aimal Faiziniň berýän maglumatyna görä, bu baradaky karara Owganystanyň milli howpsuzlyk geňeşiniň ýygnagynda gelnipdir.

Kabulda geçirilen metbugat ýygnagynyň dowamynda Faizi ABŞ-nyň ýörite güýçlerini we olara degişli owgan birikmelerini “welaýatda durnuksyzlygy döretmekde we ýerli ýaşaýjylara azar bermekde” aýyplady.

Faiziniň sözlerine görä, ABŞ-nyň ýörite güýçleriniň Wardak welaýatynda geçiren operasiýasyndan soň, ýedi adam ýitirim bolupdyr. Owgan birikmeleri hem bir studentiň kellesini çapmakda aýyplandy.
XS
SM
MD
LG