Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen mekdepleri 12 ýyllyga geçýär


Aşgabadyň orta mekdebi, 1-nji sentýabr, 2012.
Aşgabadyň orta mekdebi, 1-nji sentýabr, 2012.
Türkmenistanda 2013-14-nji okuw ýylyndan orta mekdep okuwynyň möhleti 12 ýyla getirildi. Bu baradaky permana Türkmenistanyň prezidenti geçen hepdäniň anna güni gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň bu permana gol çekilen şol günki mejlisinde ýurduň bilim ministri G.Mämmedowa ýurtda 12 ýyl okuw möhletine geçmegiň maksatnamasyny teklip etdi. Onuň aýtmagyna görä, täze okuw ýylyndan 7 ýaşly çagalar bilen bir hatarda 6 ýaşly çagalar hem orta mekdeplere okuwa kabul ediler: “Çagalar mekdebe 6 ýaşdan kabul ediler, hormatly prezidentim”.

Okuwçylaryň sany

2013-14-nji okuw ýylynda birinji klaslara öňkä garanyňda iki esse köp okuwçy kabul ediler. Emma, ýaş aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, 7 ýaşlylar bilen 6 ýaşlylar aýratyn okadylar. Türkmenistanyň bilim ministri G.Mämmedowa şeýlelikde, geçen ýyl 85 müň okuwçy kabul edilen bolsa, täze okuw ýylynda eýýäm okuwçylaryň sanynyň 193 müňe ýetjekdigini habar berdi. Şonuň üçin ýurtdaky 1761 sany orta mekdepde 4720 sany klas köpeler. Şeýle-de, 4917 sany täze mugallymçylyk wezipe birligi dörär.

Käbir bilim işgärleriniň aýtmaklaryna görä, häzirki wagtda ýurduň orta mekdepleriniň birinji klasda öňküden iki esse köp okuwçyny okatmak mümkinçilikleri o diýen talabalaýyk däl. Bilim ministriniň hökümet maslahatynda getiren sanlaryndan çen tutulsa, ýurduň orta mekdeplerinde täze kabul ediljek okuwçylar üçin okuw orunlary ýetmezçilik etmez. Ol bu hakda şeýle diýýär: “Şeýlelikde, mähriban prezidentimiz, ýurdumyz boýunça 992 müň 300 orunlyk orta mekdeplerde okamagyna garaşylýan 967 müň 500 okuwçynyň okamagy üçin şertler dörediler”.

Emma okuwçylary okatmaly mugallymlaryň sanynyň ýeterlik bolmajakdygyny orta mekdepleriň käbir mugallymlary aýdýarlar. “Mugallymlar öňem köp däl. Olaryň arasynda pensiýa ýaşlylary köp. Ýaşlar bolsa mugallym bolmak islemeýärler” diýip, paýtagtyň orta mekdepleriniň biriniň mugallymy Güljahan aýdýar.

Hökümet maslahatynda bu reformanyň netijesinde emele geljek täze mugallymçylyk iş ýerlerini mugallymlar bilen üpjün etmek barada Türkmenistanyň bilim ministriniň eden çykyşynda hem ýatlanyldy. G.Mämmedowa bu hakda şeýle diýdi: “Goşmaça emele gelen wezipe birligi 2017-nji ýylda ýurdumyzda hereket edýän mugallymçylyk we ýörite orta bilim berýän we ýokary okuw mekdeplerini 1791 talyp tamamlaýar, şol sanda mugallymçylyk ugrundan ýörite orta bilim berýän mekdepleri 702 talyp, şeýle-de häzirki wagtda bar bolan başlangyç synp mugallymlarynyň hasabyna üpjün ediler, mahriban prezidentimiz”.

Bu özgerişiligiň netijesinde 4917 sany mugallymçylyk wezipe birlikleriniň dörejekdigi aýdylýar. Ýöne, ministriň sözlerinden çen tutulsa, edil häzirki döwürde wezipelere kabul ediljek mugallymlaryň sany iki müňe golaý. Şeýlelikde beýleki mugallymlaryň nireden üpjün ediljegi, asla üpjün edilip-edilmejegi baradaky soraglara häzirlikçe jogap ýok.

Mugallymlar meselesi

Şol bir wagtyň özünde-de edil häzirki döwürde hem mekdep mugallymlaryň ýetmezçilik edýändigi barada habarlar gowuşýar. Bu ýetmezçilik esasanam oba ýerlerinde has-da ýiti bildirýär. Ýaş mugallymlaryň köpüsi şäher ýerlerinde mugallymçylyk etmegi isleýärler.

Orta mekdep mugallymy Aýjemalyň aýtmagyna görä, “Mugallymçylyk boýunça bilim alyp bu wezipä girişen ýaşlaryň köpüsi hem, ýaşaýş şertleri gowy bolany üçin şäherlerde ýaşamagy hem işlemegi gowy görýärler”.

Orta bilimiň möhletiniň 12 ýyla getirilmegi bilen ýurduň orta bilim sistemasynda käbir ýetmezçilikleriň döreýändigine garamazdan, okuw möhletiniň uzaldylmagyny oňyn garşy alýan bilim işgärleri az däl. “Elbetde, ilkibaşda ençeme problemalar bolar. Ýöne, dura-bara bu problemalar çözüler. Esasy zat başlamak” diýip, efirde adynyň tutulmagyny islemedik bilim işgäri aýtdy.
XS
SM
MD
LG