Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik mugallymlaryna ýeňillik berler


Çarşenbe güni Täjigistanyň parlamenti bu ýurduň obalaryndaky mugallymlary goşun gullugyndan azat etmek baradaky kanunyň taslamasyny goldap ses berdi.

Parlamentiň kabul eden bu täze kanuny obalardaky mugallymlara mugt ýer bermek, olary salgytlardan boşatmak we käbir beýleki maliýe ýardamlaryny bermek ýaly artykmaçlyklary-da göz öňünde tutýar.

Täjigistanyň häkimiýetleri mugallymlar babatdaky bu ýeňillikleri oba ýerlerinde mugallym kadrlaryna bolan ýetmezçilikler bilen düşündirýärler.

Täjigistanyň bilim ministri Nuriddin Saidow ýaş mugallymlaryň diňe ýöne goşun gullugyna alynmaklary netijesinde mugallymlaryň sanynyň 20-25 prosent azalýandygyny aýtdy we mundan beýläk oba ýerlerinde olaryň goşuna alynmagynyň bes edilmelidigini öňe sürdi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Täjigistanyň oba ýerlerinde mugallymlaryň sanynyň görnetin azalandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG