Hindistanda awtobusyň içinde bir gyzy zorlamakda aýyplanýanlaryň biri türmede öz janyna kast edipdir. Bu barada polisiýa işgärleri habar berýär.
Ýerli polisiýanyň maglumatyna görä, duşenbe güni Ram Singh türme kamerasynda özüni asypdyr.
Geçen ýylyň dekabr aýynda Nýu-Delide bir awtobusyň içinde alty adam 23 ýaşly bir gyzy ýenjip, zorlapdy. Ram Singh bu wakalaryň bolup duran mahaly awtobusy sürmekde aýyplanýardy.
23 ýaşly gyzyň zorlanmagyndan soň, Hindistanda aýallary goramak üçin has köp tagallalaryň edilmegini talap edip, köpçülikleýin protestler geçirilipdi.
Zorlanan gyz ýeten şikesleri sebäpli aradan çykdy.