Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Spilberg Kaşmir filmini planlaşdyrýar


Oskar baýragyny utan amerikan režissýory Stiwen Spilberg, habarlara görä, Hindistan bilen Pakistanyň arasyndaky dawaly Kaşmir sebiti barada kino düşürmekçi bolýar.

Spilberg Mumbaýa sapary mahalynda "The Times of India" gazetine bu kinonyň öz “DreamWorks” studiýasy we onuň hindi partnýory, milliarder Anil Ambaniniň ýolbaşçylygyndaky “Reliance Entertainment” tarapyndan surata düşüriljegini aýtdy.

Spilberg bu kinonyň tekstiniň eýýäm ýazylyp gutarylandygyny, ýöne onuň düşüriljek ýeriniň entek kesgitlenmändigini habar berdi.

Mumbaý Hindistanyň kino sungatynyň merkezi bolup, Bolliwud hökmünde giňden tanalýar.
XS
SM
MD
LG