Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Abhaziýanyň liderini kabul etdi


Sişenbe güni Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Gürjüstanyň separatistik regiony bolan Abhaziýanyň prezidenti Aleksandr Ankwab bilen Moskwada gepleşik geçirdi.

Orsýetiň prezident administrasiýasy bu gepleşikde Wladimir Putin bilen Aleksandr Ankwabyň Orsýetiň Abhaziýa bilen ýakyn geljekde “bilelikde çözüp biljek meseleleri” barada maslahat edendiklerini mälim etdi.

Emma olaryň anyk nähili meseleleriň üstünde durup geçendikleri barada jikme-jik maglumat berilmeýär.

2008-nji ýylyň awgustynda Orsýet bilen Gürjüstanyň arasynda ýüz beren gysga harby konfliktiň yzy bilen Moskwa Gürjüstanyň separatistik regionlary bolan Abhaziýany we Günorta Osetiýany garaşsyz ýurtlar hökmünde ykrar edýändigini yglan edipdi.

Gürjüstan bu regionlary henizem özüniň aýrylmaz bölegi hasaplap gelýär.
XS
SM
MD
LG